Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady

04:0010.12.2021
0
5507

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň «Kaýraty» Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň 6-njy tapgyrynda Kipriň «Omoniýasy» bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Nikosiý şäheriniň GSP stadionynda geçirildi.

Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Almaty şäheriniň toparynda hasaby açmaga-da mümkinçilik boldy. Birinji ýarymda ýarym goragçy Žoao Paulo penalti ugrusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Şeýlelikde, «Kaýrat» «H» toparçanyň duşuşyklaryny 2 utuk bilen dördünji orunda tamamlady. Toparçada birinji orny 14 utukly «Bazel» eýeläp, ýaryşy 1/8 finalda dowam etdirmäge hukuk gazandy. Ikinji orny eýelän «Karabah» 11 utuk toplap bildi. Azerbaýjana wekilçilik edýän topar 1/8 finala çykmak üçin saýlama duşuşygyny geçirmeli bolar. «Omaniýa» bolsa 4 utuk bilen toparçany üçünji basgançakda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň