Arhiw

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy baýramçylyk ýoga görkezişini gurady

14:5530.11.2021
0
9521
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy baýramçylyk ýoga görkezişini gurady

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýoga hünärmeni hanym Şital Dalwiniň ýolbaşçylygynda Aşgabatda ýoga görkezişini gurady. Bu barada ilçinahanyň saýtynda habar berildi.

Aşgabatdaky ýoga görkezilişi Hindistanyň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny bellemek hepdesine gabat geldi.

Baýramçylyk ýoga görkezilişine ýerli ýoga höwesjeň raýatlar gatnaşdylar. Ýoga boýunça hünärmen hanym Şital Dalwiniň görkezmeginde geçirilen ýoga görkezilişinde oňa gatnaşan raýatlar ýoanyň birnäçe, şol sanda dem alyş maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Ilçihananyň habaryna görä, bu çäreden soň gatnaşyjylara hindi nahary berildi.

Ýadyňyzda bolsa, ozal «Turkmenportal» web saýtymyzda ilçihananyň hünärmenleri Aşgabatda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin Aýurweda okuwyny geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň