Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 15-nji sammitinde bu guramanyň başlyklygy 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasyna geçer.
Bu barada 15-nji sammite başlyklyk eden Türkmenistanyň Prezidenti belläp geçdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygynyň Özbegistan Respublikasyna geçýändigi üçin bu ýurduň ýolbaşçy düzümini gutlan Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň nobatdaky sammitiniň geçiriljek senesiniň YHG-niň sekretariaty tarapyndan kesgitlenjekdigini belledi.
YHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin döwlet we hökümet Baştutanlaryna hem-de manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildiren Türkmenistanyň Prezidenti guramanyň mundan beýläk-de gatnaşyjy döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşatn goşjakdygyny belledi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň netijelerine uly kanagatlanma bildirildi. Onuň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.