BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere ýokary baha berdiler

12:4726.11.2021
0
485
BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere ýokary baha berdiler

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda bolup, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan işler, temmäkä garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň adamyň saglygyna ýetirýän oňaýsyz täsirlerini azaltmak, COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdy.

Wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliklerinde, Weterinariýa gullugynyň merkezi barlaghanasynda bolup, tejribeleri paýlaşdylar hem-de Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa, newrologiýa, endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň, Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezleriniň, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň iş aýratynlyklary bilen tanşyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyplaryňdyr professor-mugallymlaryň öňünde çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saparyň netijeleri boýunça guralan özara pikir alyşmalardan soňra, myhmanlar bu ugurdaky garaýyşlaryny türkmen metbugatynyň wekilleri bilen paýlaşdylar. Olaryň pikirleri «Türkmenistan» gazetinde çap edilýär.

Dorit NITSAN,
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin ýolbaşçysy:

— Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmeleri netijesinde ýurtda sazlaşykly hereket edýän jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelendiginiň şaýady bolduk. Ol adam saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen. Biz saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary hökmünde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm birlikleriniň iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyk. Ilatyň saglygyny goramak ulgamynda döredilen pugta kanunçylyk binýady bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini şertlendirýär.

Biz öňe sürlen teklipler, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, sanjym çäreleriniň ähmiýeti, saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça ýakyndan pikir alyşdyk. Bu sapar türkmen lukmanlarydyr hünärmenleri bilen toplanan tejribeleri paýlaşmakda örän ähmiýetli boldy.

Dorota ÝAROSINSKA,
BSGG-niň Daşky gurşaw we saglygy goramak boýunça Ýewropa merkeziniň tehniki ýolbaşçysy:

— «Bitewi saglygy goraýyş» konsepsiýasy Türkmenistanda doly berjaý edilýär. Türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan pudagara işler nusgalyk derejededir. Biz bu üstünlikleriň adamlaryň saglygyny berkitmäge gönükdirilendigine durmuş ýüzünde anyk göz ýetirdik.

Daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biz muňa Aşgabadyň gözel tebigatynyň, şäheriň arassaçylygynyň berk gözegçilikde saklanylyşynyň mysalynda ýakyndan şaýat bolduk. Ýurtda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda ýola goýlan netijeli işler bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris.

Oleg BENEŞ,
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň immunizasiýa we waksina bilen dolandyryp bolýan ýokançlar boýunça baş hünärmeni:

— Türkmenistana iş saparymyzyň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň döwrebap guralyşy bilen tanyşmak bizde kanagatlanma döretdi. Ýokanç keselleriň öňüni almakda wagyz-nesihat çäreleriniň ýola goýulmagy, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleriniň berjaý edilmegi, ilatyň keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen gurşalyp alynmagy wajyp ähmiýete eýedir. Bu işler Türkmenistanda doly derejede ýola goýlan. Ilatyň agramly bölegine COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Anastasiýa KOÝLÝU,
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň tehniki hünärmeni:

— Bu dostlukly ýurtda birnäçe gezek iş saparynda boldum. Türkmenistan bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda giň gerimli işleri alyp bardyk, geçirilen «STEPS» barlaglaryna gatnaşdyk. Ýurtda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň ýokuşmagyna getirýän ýagdaýlara gözegçilik etmek we olary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, Türkmenistan temmäkä garşy göreşmekde-de saldamly işleri edýär. Elbetde, bular ýurtda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan sazlaşykly işleriň anyk delilleridir. Olaryň pudagara derejede-de üstünlikli ýola goýulmagy Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramaga toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär.

Dewid Nawilla ORTIS,
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň maglumat gorlary, görkezijiler we seljeriş boýunça sebitleýin geňeşçisi:

— Biziň bu saparymyz BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýugeniň Türkmenistana bolan iş saparynyň dowamy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, tutuş dünýä howp salýan ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, birnäçe teklipleri öňe sürdi. Ýakynda bolsa ýurtda alym-lukmanlaryň halkara forumy üstünlikli geçirildi. Onda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy hakynda umumy netijä gelindi.

Elbetde, häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak, maglumat gorlaryny döretmek örän wajyp. Sebäbi bu wezipeler takyk işleri ýerine ýetirmäge, durmuşa geçirilen çärelere baha berip, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam edýär. Saparyň dowamynda biz birnäçe ministrlikleriň we saglygy goraýyş edaralarynyň iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyk. Türkmenistanda sanly lukmançylygy döretmäge uly üns berilýär hem-de bu babatda giň gerimli, maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Biz geljekde-de Türkmenistan bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge doly taýýardygymyzy aýdyp, özara tejribe alyşmaga amatly şertleri döredýän türkmen Liderine hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň