Top.Mail.Ru

Taryhy tapyndylar Döwlet muzeýine gowşuryldy

14:4625.11.2021
0
11462

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan täze tapyndylaryň birnäçesi ýüze çykaryldy. Şol taryhy tapyndylaryň 40-a golaýy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Bu waka mynasybetli, muzeýde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklary muzeýleşdirmek» atly dabaraly çäre, şeýle hem Türkmenistanyň orta asyrlar taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Sergide, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň fotosuratlary, suratkeşleriň çeken eserleri, Döwlet muzeýine gelip gowşan täze gymmatly tapyndylar görkezildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmeniň şöhratly taryhyny öwrenmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözleri, «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barlan işleriň çäklerinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň Döwlet muzeýiniň «Orta asyrlar taryhy» zallarynda Dehistandan, Nusaýdan, Merwden tapylan şular ýaly simap gaplar bilen bir hatarda möhüm orun eýelejekdigi, olaryň halkymyzyň taryhyny muzeýleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdy baradaky buýsançly sözler dabarada edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň