Soňky habarlar

Arhiw

“Sumbar Computer” dükanyndan amatly monitor modellerini tapmak bolýar

14:4822.11.2021
0
8178

Sumbar Computer” dükanynda ofis we wideooýun ulgamlary üçin giň monitor görnüşleri müşderilere hödürlenýär. Bu köp dürli görnüşli enjamlary dükanyň özünden hem, “Sumbar Computer” web sahypasy boýunça hem tapyp bilersiňiz.

Kompýuter oýunlary köpden bäri ähli ýaşlylar üçin güýmenje hökmünde meşhurlyga eýe bolup geldi. Kompýuter oýunlarynyň muşdaklaryny we tejribeli elektron sporty bilen meşgullanýanlary “Asus”, “Dell”, “AOC” we beýleki meşhur haryt nyşanly oýun monitorlary gyzyklandyrýar.

Modelleriň köpdürlüligi bahalaryň hem býudjet modellerden başlap, has gymmat we güýçli görnüşlere çenli dürli hili bolmagyny şertlendirýär.

“Sumbar Computer” web sahypasynda islän modeliňizi saýlap almak bilen, ony “sebete” goşup, sargyt edip bilersiňiz. Soňra harytlary eltmek hyzmatyndan peýdalanmakda habarlaşmak üçin maglumatlaryňyzy we salgyňyzy, şeýle hem tölegiň görnüşini görkezmelidir. Sargydy girizmek hasaba alynmazdan hem mümkindir.

Saýtda sargyt etmekden başga-da, gyzyklanýan monitorlaryňyzy biri-biri bilen deňeşdirmäge, surat galereýasynyň kömegi bilen olaryň tehniki aýratynlyklary we dizaýny bilen tanyşmaga mümkinçilik bar. Halaýan monitoryňyzyň modelini fotosuratda syçanjyk arkaly dürli tarapdan görüp we baha berip bilersiňiz.

Geljekde “Sumbar Computer” dükany gyzyklanýan aýratynlyklaryňyzy göz öňüne tutup, önümleri has giňişleýin gözläp tapmakda harytlary saýlap-seçmek ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär.

“Sumbar Computer” dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly (öňki Hudaýberdiýew köçesi), 99-njy jaý. Telefon belgileri: +993 (12) 49 23 43; 26 13 69.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň