Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçuş amala aşyryldy

23:5419.11.2021
0
14526

19-njy noýabrda Türkmenistandan Russiýa ýörite uçuş amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi we saýtynda habar berilýär.

«2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan Russiýanyň S7 howa ýollarynyň 8536-njy uçuşy Türkmenabatdan Moskwa ugrady. Ýörite guralan uçuşda 199 ýolagçy bar. Olaryň arasynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem bar» diýlip, habarda bellenilýär.

Nobatdaky ýörite uçuş Türkmenistandan Russiýa gurnalan 27-nji gatnawdyr.

«Airbus A321» Moskwa wagty bilen 13:30-da Domomedowo howa menziline bardy.

Ýatlap geçsek, dünýäde ýüze çykan güýçli pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary togtadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň