Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Daimler” özüniň “Renault” kompaniýasyndaky paýnamalaryny satdy

11:3712.11.2021
0
890

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň habaryna görä, nemesleriň Daimler AG awtoulaggurluşyk konserni fransuzlaryň Renault SA awtoönümçilikçisindäki özüne degişli bolan paýnamalaryny satdy. Paýnamalar 305 million ýewro bahalanýar.

Çarşenbede geçen söwdalarda konsern paýnamalarynyň 9,2 millionynyň söwdasyny amala aşyrdy diýlip, habarda aýdylýar.

Şol bir wagtda Daimler konserniniň ýolbaşçylygy geleşigiň Renault bilen hyzmatdaşlyga hiç hili täsir etmejekdigini belledi.

Geçen ýyl fransuz awtoönümçilikçisi hem Daimlerdäki umumy bahasy 1,14 milliard ýewro deň bolan paýnamalaryny satypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň