Soňky habarlar

Arhiw

«Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýeti ISO 9001 halkara hil şahadatnamasyna mynasyp boldy

11:5503.11.2021
0
4960

2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda «Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýetine ulag we ekspeditor hyzmatlary pudagynda ISO 9001 hil şahadatnamasyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Şahadatnama «Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýetiniň işgärlerine, Slowakiýanyň «CERT» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekillerine – gözleg, tejribe, synag we sertifikat pudagy boýunça dünýäniň öňdebaryjy işewürlerine gowşuryldy.

«Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýylda ulag-logistika şereketi hökmünde esaslandyryldy. Bu hojalyk jemgyýeti döredilenden bäri logistika çygrynda uly tejribe edinmek bilen, özüni ygtybarly, durnukly we jogapkär hyzmatdaş bolup tanatdy.

Häzirki günde «Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň iň öňdebaryjy ulag-logistika şereketleriniň hatarynda mynasyp ornyny tapan, ýurduň çäginde we daşynda hyzmatlar berýän, demirýol, awtoulag, deňiz we howaýoly ýaly islendik ulag görnüşinde ýük daşama işini amala aşyrýan şereket bolup durýar.

«Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýetiniň «Türkmen logistika» assosiasiýasynyň (TLA), Ekspeditorçylyk assosiasiýalaryň halkara federasiýasynyň (FIATA) agzasy bolmaklygy hem, bu şereketiň hünär ussatlygyny we ygtybarlylygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny bermek; GDA, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň çäkleri boýunça ýük daşama işini guramak; ýükleriň saklanmagyny we ammarlanmagyny üpjün etmek; Türkmenbaşy portunda ýükleme-düşürme hyzmatlaryny bermek; ýükleriň we konteýnerleriň Türkmenistanyň portunda we gury serhetýaka nokatlarynda terminal we gümrük amallaryndan geçişini amala aşyrmak; gabarit däl hem-de agyr ýükleriň Türkmenistanyň çäginden daşalmagy üçin ýörite rugsatnamalary resmileşdirmek; daşary ýurtly sürüjileriň Türkmenistana giriş wizalaryny almaklary üçin çakylyk resmileşdirmek; birža, gümrük we broker hyzmatlaryny bermek «Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýetiniň işiniň baş ugurlary bolup durýar.

«Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri müşderilere sargydy resmileşdirmäge, eltip bermegiň bahasyny we tygşytly gatnaw ýoluny hasaplamaga kömek edýär.

  • «Amatly-Ýollar» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk maglumatlary:
  • Telefon belgi: +993 (12) 75 43 41;
  • Email: info@amatlyyollar.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň