Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

23:5101.11.2021
0
10643

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BHM-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Soňky onýyllygyň dowamynda howanyň üýtgemegi hem-de onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän ýaramaz täsirleri häzirki zamanyň örän möhüm ählumumy meseleleriniň birine öwrüldi.
Türkmensitanyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy ýurduň bu meselä örän jogapkärli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr.

Daşky gurşawy goramak meselesi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamlaryň ähli babatda adabadan durmuşynyň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň wajyp ugrudyr.

Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa howanyň üýtgemegi hem-de onuň ýetirýän oňaýsyz täsirleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça toplumlaýyn döwlet maksatnamasyny kemala getirmek hem-de ony durmuşa geçirmek üçin binýat bolup durýar. Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek bu strategiýanyň ilkinji nobatdaky wezipesidir, munuň özi howanyň üýtgemegine ýetirilýän täsiri peseltmäge mümkinçilik berer hem-de döwletimiziň ykdysady, azyk, suw we ekologik howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistan örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk namalary bolan hem-de atmosferada bugly gazlaryň toplanylmagynyň durnuklaşdyrylmagyna we dünýäniň klimatynyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýalaryny, Kiota teswirnamasyny hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan bornamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Türkmen Lideriniň ýokary derejedäki dürli forumlarda öňe sürýän hem-de halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary möhüm ähmiýetlidir. Gürrüň, hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we beýleki teklipler barada barýar.

Serişde tygşytlaýjy, innowasiýa ugurly “ýaşyl” milli ykdysadyýetiň kemala getirilmeginde senagat pudagynda işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary, howany hapalaýan maddalaryň zyňyndylaryna seljermäniň hem-de gözegçiligiň netijeli ulgamy bug gazlarynyň zyňyndylarynyň çäklendirilmegine gönüden-göni ýardam berer. Şeýle hem döwrüň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda howanyň ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek maksady bilen möhüm tebigaty goraýyş taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar, ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär, şonuň çäklerinde her ýylda agaç nahallarynyň millionlarçasy ekilýär, mälim bolşy ýaly, olar bug gazlaryny özlerine siňdirýärler. Bu gün siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäde üns merkezinde saklanýar hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary we Diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli çäreler tutuş dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň