Soňky habarlar

Arhiw

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň web saýty dermanlaryň gözükdirmeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär

14:4026.10.2021
0
5693

“Şypaly Çomuç” dermanhanasy özboluşly onlaýn-dermanhana hyzmaty bolan, seýrek duş gelýän dermanlary awtomatik gözleýän ýörite onlaýn gözleg ulgamynyň mümkinçiliklerini hödürleýär.

Bu hyzmatdan peýdalanmak bilen müşderi özüne gerek bolan dermanyň ulanylyş usullary, zyýanly täsirleri we beýleki zerur düşündirişleri bilen bagly doly gözükdirme alyp biler. Dermanlary ulanmazdan ozal, ilkinji nobatda, olar baradaky gözükdirmäni öwrenmegiň zerurdygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasyndan dürli bejeriş dermanlaryny — kardiologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, ginekologiýa, mikroblara, wirusa garşy dermanlary, şeýle hem ynsan saglygyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen kämil lukmançylyk enjamlaryny satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň