“Volvo” çärýek girdejilerini artdyrdy

18:0522.10.2021
0
708

Şwesiýanyň “Volvo AB” awtoulag konserni dünýäde ýük ulaglaryny öndürmekde ikinji orunda durýar, kompaniýa 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginiň jemleri boýunça girdejilerini 17 göterim artdyrdy, şunda onuň sap girdejileri bilermenleriň garaşanyndan hem ýokary boldy.

Ýagny iýul-sentýabr aralygynda sap girdeji 7,05 şwes kronuna barabar boldy (818,9 mln dollar), geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 5,72 mlrd krona deň bolupdy.

Şunlukda Volvonyň çärýek girdejisi 76,85 mlrd bolanlygyndan 85,26 mlrd şwed kronyny düzdi.

Emma bu döwürde sargytlaryň möçberiniň azalandygy hasaba alyndy, ýagny 11 göterim pese düşdi.

Muňa ýük awtoulaglarynyň önümçiligi üçin ýarymgeçirijileriň we beýleki ätiýaçlyk şaýlaryň üpjünçiligi täsir etdi, häzir dünýä bazarynda ätiýaçlyk şaýlarynyň eltilmegi bilen bagly meseleler bar diýip, kompaniýanyň başlygy Martin Lundsted beýanatynda nygtady.

Ýewropada we Demirgazyk Amerikada Volvo ýük ulaglarynyň söwdasynyň pese gaçandygyna garamazdan, kompaniýa hindi bazarynda has uly ösüşi gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň