Eksportyň möçberi ýokarlanýar

15:2421.10.2021
0
313

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylda has-da gaýratly zähmet çekýärler. Ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilip gurlan bu kärhanada şu ýylyň dokuz aýynda 6 million 475 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi.

Kärhanada öndürilýän önümleriň agramly bölegi Ukraina, Belarus, Azerbaýjan, Täjigistan, Owganystan, Özbegistan ýaly döwletlere we Ýewropa birleşigi ýurtlaryna ugradylýar. Munuň özi türkmen Lideriniň ýurtda öndürilýän önümleriň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny gazanmak baradaky tabşyrygynyň bu häzirki zaman kärhanasynda üstünlikli ýerine ýetirilýändiginden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň