Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

23:4519.10.2021
0
3337
Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman türkmen Liderine wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen Lideri gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan dostlukly hem-de netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Şu ulgamda ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhman Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrýan giň möçberli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň