Soňky habarlar

Arhiw

«Rönesansyň» ýolbaşçysy Berdimuhamedowa Türkmenistandaky täze taslamalar barada hasabat berdi

23:3019.10.2021
0
5664

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp ösüş ýolundan ynamly barýan Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary netijelidigine tüýs ýürekden buýsanýar.

Döwlet Baştutany “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy işewürliginiň, şol sanda türk işewür toparlarynyň wekillerini işjeň çekmegiň Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şol strategiýa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda Erman Ylyjak Türkmenistanyň Prezidentine täze taslamalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berip, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Milletiň Lideri uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, türkmen tarapynyň esasy we hökmany talaplaryna işewüriň ünsüni çekdi. Şol talaplar gurluşygyň alnyp barlyşynyň tertibini hem-de desgalary ulanmaga tabşyrmagyň şertnamada bellenilen möhletlerini pugta berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda hemme işleriň ýokary hil derejesinde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.

Işewür döwlet Baştutany tarapyndan başy başlanan türkmen döwletiniň kuwwatyny we abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge “Rönesans Holdingiň” geljekde-de gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk hem-de birkemsiz ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň