Arhiw

«Täze Usul» hojalyk jemgyýeti sarp edijileriň dykgatyna kompressor enjamlaryny hödürleýär

11:2713.10.2021
0
2605
«Täze Usul» hojalyk jemgyýeti sarp edijileriň dykgatyna kompressor enjamlaryny hödürleýär

«Täze Usul» hojalyk jemgyýeti ýerli sarp edijileri Türkiýäniň «Dalgakiran» haryt nyşanly enjamlary bilen resmi üpjün ediji milli hususy kärhanadyr.

Türkiýäniň «Dalgakiran» kompaniýasy dünýäde kompressor tehnologiýasyny öndürmeklikde öňdebaryjy bäş öndürijiniň biridir. Bu kompaniýa tarapyndan enjamlaryň giň toplumy hödürlenýär: porşen, nurbat, ýag we ýagsyz kompressorlar, howa tanklary ätiýaçlyk çelegi (rezerwuar), süzgüçler, ýokary basyşly kompressorlar, azot generatorlary, turbo kompressorlary, dizel hereketlendirijileri (dwigatelleri) we önümçilikde zerur bolan beýleki esbaplar.

Häzirki zaman kompressor enjamlary himiýa, metallurgiýa, gaz we gurluşyk ýaly birnäçe pudaklaryň dürli tehnologik işlerinde ulanylýar. Kompressor enjamlary howany gysmak hem-de soňraky dürli önümçilik enjamlarynda we pnewmatik gurallarda ulanmak üçin niýetlenilen enjamdyr.

«Täze Usul» hojalyk jemgyýetiniň işi ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli, hödürlenýän önümleriň ygtybarly bolmaklygyna, şeýle hem her bir müşderä aýratyn üns bilen çemeleşilip, şonuň isleginiň kanagatlandyrylmagyna esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň