Meşhur “Chanel” moda öýi uly isleg bildirilýän sumka görnüşleriniň satuwyna çäklendirme girizdi. Nusgawy flap sumkasyny we koko tutawajyny indi diňe bir görnüşde satyn alyp bolýar. Bu şonuň ýaly-da ownuk deri önümlerine-de degişlidir. Indi ýylda “Chanel” önüminiň bir görnüşinden iki sanydan artyk satyn alyp bolmaýar.
Moda markalary muňa meňzeş satuw çäklendirmeleri harytlarynyň gymmatyny saklamak maksady bilen girizýärler. Şonuň netijesinde hem, 2021-nji ýylda “Chanel” kompaniýasy meşhur harytlarynyň bahasyny üç gezek ýokarlandyrdy. Muňa garamazdan bolsa, secretmag.ru-nyň habaryna laýyklykda, müşderileriň marka bolan gyzyklanmasy hiç hili peselmeýär we onuň hyrydarlary zerur önümleri üçin nobata durýarlar.