Soňky habarlar

Arhiw

«Facebook» ýetginjekler üçin täze aýratynlyklary hödürlär

14:4512.10.2021
0
3310

«Facebook» jemgyýetçilik ulgamy ýetginjekleri zyýanly mazmundan goramak üçin täze aýratynlyklary hödürlär we programmanyň dowamlylygyna täzeden sereder.

Ulgamyň ýolbaşçylarynyň biri Nik Klegiň aýdyşy ýaly, bir ýetginjegiň şol bir maglumatlary täzeden gözden geçirýändigine gözegçilik etjek mazmun seljeriş guraly hödürlener.

Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, ýetginjekler beýleki mazmuna tomaşa etmäge höweslendiriler. Mundan daşary hem olaryň akyl saglygyna peýda berjek dynç alyş hyzmaty ýola goýlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň