Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgençäki muzeýde Puşkiniň haly portreti saklanylýar

20:0511.10.2021
0
11432

«Köneürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Daş metjit» halk senetleri muzeýinde rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň hala salnan şekili bar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Muzeýiň eksponatlarynyň hasabaty kitabynda artefaktlaryň köpüsiniň Könürgenç etrabynyň ilatyndan 1985-nji ýylda açylan muzeýe peşgeş berlendigi ýazylypdyr. Şeýle-de dürli adamlaryň hem-de guramalaryň sowgat beren gymmatlyklary-da bar. 1987-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden muzeýe berlen Puşkiniň haly portreti-de şolaryň biridir.

Bu halyny baryp uruş ýyllary – 1943-nji ýylda «Türkmenhaly» çeper eksperimental ussahanasynyň işgärleri Ene Hydyrowa bilen Jeýran Ahmedowa dokapdyrlar. Näme üçin gazaply uruş gidip durka, jeň meýdanynda gaýduwsyzlyk görkezen gahrymanyň däl-de, şahyryň keşbi hala geçirildikä? Belkii, parahat durmuşa çalt ýetilmegi arzuwlanandyr.

Puşkiniň haly portretiniň şahyryň şeýle žanrda ýerine ýetirilen keşbiniň ilkinji we ýeke-täk nusgasy bolmagam mümkin.

Boýy – 1,28 m, ini – 1,3 metr bolan haly diňe bir tebigy reňkler ulanylan goýun ýüňünden däl, eýsem düýe ýüňünden hem dokalypdyr. Çeper elli zenanlar onda gadymy «pürdek gül», «söýnek» we beýelki gölleri ulanypdyrlar.

Haly dokalyş tilsimi onuň Pendi sebitine, ýagny Mary welaýatyna degişlidigini görkezýär.

Basym portretiň dokalanyna 80 ýyl, «Daş metjit» muzeýine goýlanyna hem 40 ýyl dolýar. Ýöne eskiziň awtory we halyçylar barada anyk maglumat tapylmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň