Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada alymlar operasiýa edilen söweşijisiniň kellesiniň galyndylaryny tapdylar

13:3103.10.2021
0
3546

Wizantiýa galasynyň arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde gadymy söweşijiniň kellesine edilen çylşyrymly hirurgiki operasiýa yzlary tapyldy. Gala Günbatar Frakiýada, häzirki Gresiýada ýerleşýär.

Tapylan kelle kesilen we soň gizlinlikde jaýlanan söweşijä degişlidir. Hünärmenler düýpli seljermeden soň, söweşijiniň eňeginiň döwlendigini, ýöne altyn sapagyň kömegi bilen onuň bölekleriniň birleşdirilendigini we döwükleriň sagalmagyna wagt tapandygyny anykladylar. Munuň ýaly döwük atdan ýykylanda ýa-da söweşden alnanda ýüze çykan bolsa gerek.

Hünärmenler söweşijiniň takmynan 35-40 ýaşyndadygyny we ölüminden 10 ýyl öň ýaralanandygyny anykladylar. Mir24.tv-niň habar bermegine görä, bejergisine köp üns berlenligi sebäpli, onuň möhüm adam bolmagy ähtimal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň