Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

18:1630.09.2021
0
6433

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli bu ýokary okuw mekdebiniň guramagynda ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty” atly çeper-publisistik makalalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýokary derejede guralan dabara ýeňiji bolan talyp ýaşlar bilen bilelikde bäsleşigiň emin agzalary, ýurdumyzyň halypa žurnalistleri hem-de institutymyzyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Talyp ýaşlaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek maksady bilen iki derejede geçirilen bu bäsleşige žurnalistika hünärinde okaýan talyplar birinji dereje, beýleki hünärlerdäki talyplar bolsa ikinji dereje boýunça gatnaşdylar. Eminler toparynyň yglan eden netijelerine görä ýeňiji bolan talyplardan birinji dereje boýunça baş baýraga institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mätgurban Mätkurbanow, birinji ýere Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Toýly Muhammetdurdyýew, ikinji ýere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gunça Hamedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Süleýman Kowusow, üçünji ýere Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sülgün Bazarowa hem-de ýokary okuw mekdebimiziň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Tawus Akjaýewa we şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Aýlar Atajykowa dagy eýe boldular. Bäsleşigiň ikinji derejesi boýunça birinji ýere Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Ogulnur Pirjikowa, ikinji ýere Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýgözel Garlyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby Maksatgeldi Geldiýew, üçünji ýere Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mamagül Koşakowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sapar Ummadow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby Allanazar Allanazarow dagy eýe boldular. Ýeňiji bolan talyplara I we II derejeli diplomlar, Hormat hatlary, şeýle-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň