Soňky habarlar

Arhiw

«Pfizer» kompaniýasynyň ýolbaşçysy adaty durmuşa dolanmak üçin şertleri mälim etdi

12:3028.09.2021
0
1394

Amerikada ýokanja garşy sanjymlary öndüriji Pfizer kompaniýasy häzir nemesleriň BioNTech kompaniýasy bilen bilelikde koronawirusa garşy täze sanjymy taýýarlaýar. Golaýda kompaniýanyň baş direktory Albert Burla pandemiýadan soňra bir ýylyň dowamynda adamzadyň adaty durmuşa dolanyp barjakdygy barada pikirlerini ABC teleýaýlymy bilen paýlaşdy.

Burla munuň diňe doly sanjym işleri geçirilenden soň mümkin boljakdygyny hem nygtady. Onuň pikirine görä, wirusyň bir ýyldan uzaga çekmejek täze nusgalary dörär we şunuň bilen baglylykda, täze dermanlary işläp düzmeli bolar, munuň üçin her ýyl sanjym geçirmeli bolar.

Emma ol täze dörejek ýokançlar bilen bagly ýagdaýyň näçe ýyl dowam etjekdigini bilmeýändigini sözüniň üstüne goşdy. Burlanyň bu pikirini “Moderna” sanjym öndüriji kompaniýasynyň başlygy Stefan Bansel hem makyllaýar, ýagny Bansel häzirki pandemiýanyň ýene bir ýyldan gutarjakdygyny çaklaýar. Banseliň pikirine görä, 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli dünýäde sanjymlaryň ýeterlik möçberi öndüriler we netijede adamzat ýylyň ahyryna çenli adaty durmuşa dolanyp biler. Bansel şeýle-de ahyrky netijede koronawirus ýokanjy adaty dümew ýaly möwsümleýin häsiýete geçer we o diýen howply bolmaz diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň