«Aşgabat» binalar toplumy halkara güwänamalaryna mynasyp boldy

23:4826.09.2021
0
1254

Aşgabatda şu gün açylan Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat “Aşgabat” binalar toplumy halkara derejeli güwänamalaryň ençemesine mynasyp boldy.

Toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-dynç alyş merkeziniň eýwanlarynyň birinde dabara sanly ulgam arkaly gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Hususan-da, Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň aragatnaşyk boýunça geňeşçisi hanym Sabrina Krýuger sanly ulgam arkaly çykyş edip, türkmen paýtagtynda bina edilen “Aşgabat” atly täze toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Söwda merkezleriniň işini guramak boýunça maslahat beriş hyzmatlary hem-de sertifikasiýa boýunça ýöriteleşdirilen geňeşiň işi hem-de esasy wezipeleri bilen gysgaça tanyşdyryp, Sabrina Krýuger gurluşygynda binagärçilik hem-de inženerçilik pikiriniň öňdebaryjy gazananlary ulanylan täsin desga haýran galýandygyny beýan etdi.

Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň wekili täze söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň gowşurylýandygyny habar berdi.

Soňra çykyş eden «Docklands» (London) ylmy-barlag akademiýasynyň direktory jenap Paul Winsent türkmen paýtagtynda bina edilen täze söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, işewür Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Paul Winsent häzirki zaman söwda-dynç alyş toplumynyň artykmaçlyklaryna ünsi çekip, bu desganyň binagärlik babatynda örän täsindigini hem-de şunuň ýaly köpugurly toplumlara bildirilýän ähli ölçeglere kybap gelýändigini aýtdy. Şulary hasaba almak bilen, paýtagtymyzda peýda bolan täze desga “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy.

Soňra Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň söwda-dynç alyş merkezine “Özboluşly dizaýn” güwänamasyny berendigi, şeýle hem Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň