Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

23:4626.09.2021
0
3437
Berdimuhamedow Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi.

Işewür milletiň Liderini hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milletiň Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşygy babatda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri “Bouygues” bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi, munuň şeýledigine bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga fransuz kompaniýasynyň gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň