Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki çykyşy

23:3023.09.2021
0
5615

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

«Hormatly jenap Baş sekretar!

Hormatly jenap Başlyk!

Ilki bilen, jenap Abdulla Şahidi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň! Jenap Şahid, Türkmenistanyň Size hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrýaryn.

Jenap Wolkan Bozkyrdan 75-nji mejlisiň Başlygy hökmünde başarjaň we netijeli işi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy kabul etmegini haýyş edýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär. Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler. Çemeleşmelerdäki we garaýyşlardaky çaprazlyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek bilen, strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara hem-de beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde biziň — dünýä bileleşiginiň agzalarynyň jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, syýasy erki ýeterlikmikä? Munuň özi täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesine hem doly derejede degişlidir. Dogrusyny aýtmak gerek: dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary entek ýeterlik däldir. Galyberse-de, pandemiýa bu wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykardy.

Diňe ähli agza döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň birleşmegi umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmak üçin şertleri üpjün edip biler. Şunda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmaga orun bolmaly däldir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny nygtaýarys.

Türkmenistan özüniň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam eder. Hususan-da, 76-njy mejlisiň barşynda şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmegi teklip edýäris.

Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemek möhümdir. Munuň üçin oňat esas — Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasy bar. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geçen döwürde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, ýerli we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler ýüze çykdy. Şu şertlerde dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy Konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalarynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda çözmäge yzygiderli goldaw bermegini dowam eder.

Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk döredijiligiň we oňyn ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görmegi meýilleşdirýäris.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistan bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, gatnaşyklar medeniýetini pugtalandyrmak, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ýüze çykan ynanyşmak ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, halkara derejede uly işleri geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. BMG-ä agza döwletleri we halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Şunda biz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmaly we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu resminama garalmagy hem-de onuň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer diýip hasaplaýarys.

Şol bir wagtda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş edýär. Biz bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin meýdança hökmünde garaýarys.

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsi Owganystana gönükdirilendir. Bu ýurtda ýagdaý çylşyrymlylygyna galýar, emele gelýän häkimiýet hem-de jemgyýet edaralary örän durnuksyzdyr. Şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýa baha bermäge örän oýlanyşykly çemeleşilmelidir, sözlerde hem, işlerde hem jogapkärçilik talap edilýär.

Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi. Şunda ideologik tarapgöýlükden, könelişen öýke-kinelerden, şowakörlükden hem-de lenç edilen garaýyşlardan gaça durup, ozaly bilen, uruşlardan we heläkçiliklerden ýadan, parahat, asuda durmuş barada arzuw edýän owgan halky hakynda alada edilmelidir.

Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklaryny ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüşiniň umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar. Biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildiripdi we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunda biz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydyrys.

Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýäris hem-de emele gelýän döwlet düzümleriniň bütin owgan halkynyň abadançylygyna we bähbitlerine netijeli işläp biljekdiklerine umyt bildirýäris. Türkmenistan öz tarapyndan, ozalkysy ýaly, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegini berer.

Biz energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýäris. Bu meselä biz Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň gaýtadan dikeldilmeginiň, goňşy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna deňhukukly, özara bähbitli esasda goşulyşmagynyň örän möhüm şerti hökmünde garaýarys.

Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge Türkmenistanyň taýýardygy üýtgewsizligine galýar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýar. Biziň pikirimizçe, häzirki döwürde netijeli özara gatnaşyklar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagy ileri tutulýan ugur bolup durýar.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň ilerledilmegini esasy ugur edinýäris. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagy zerur hasaplaýarys.

Dünýä bileleşiginiň Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmek meselelerine yzygiderli üns bermegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu mejlisiň dowamynda Türkmenistan sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň dörediljekdigine ynanýar.

Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir.

2021 — 2025-nji ýyllarda BMG-niň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzasy hökmünde Türkmenistan onuň ýaşlaryň işi, däp bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we beýleki ugurlar boýunça durmuş goraglylygynyň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de hereketlerini işläp taýýarlamak babatda baş utgaşdyryjy edara hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam bermäge taýýardyr.

Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda migrasiýa syýasaty üýtgewsiz möhüm ugur hökmünde saklanýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplan Türkmenistan bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bizi umumy garaýyşlar, umytlar, wehimler hem-de howplar birleşdirýär. Halkara ýa-da sebit we milli derejelerdäki çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmekde toplanylan tejribe has gymmatlydyr.

Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wehimleri ýeňip geçmekde täze çemeleşmeleri we ýollary gözlemek boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr.

Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, emele gelen ählumumy howpsuzlygyň öňüni almak işinde, pandemiýa ýokanjynyň täsirlerini ýeňip geçmekde, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde onuň syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmaga, goldaw bermäge üýtgewsiz ygrarlydygymyzy mälim edýäris.

Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ileri tutulýan strategik ugur, dünýägaraýşymyz, halkara giňişlikde alyp barýan ähli işlerimiziň möhüm binýady bolupdy we şeýle bolmagynda galýar».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň