«Apple» syzdyrylýan maglumatlara garşy göreşýär

16:5123.09.2021
0
3214

«Apple» kompaniýasy içerki maglumatlaryň syzdyrylmagyna garşy göreşmegi dowam etdirer we syzdyrylanlara jeza berer.

Meseläniň täsin tarapy, muny habar berýän içerki e-poçta hem onlaýn ýagdaýda ýaýradyldy.

Resminamada kompaniýanyň başlygy Tim Kuk: «Enjamyň aýratynlyklary ýa-da belli bir ýygnagyň jikme-jiklikleri bolsun, gizlin maglumatlaryň aýan edilmegine ýol bermeýändigimizi bilýärsiňiz.

Haýp, syzdyrmalar az sanly adamdan gelýär we olaryň kompaniýada ýeri ýok. Adaty syzdyrmalara kimiň gatnaşýandygyny anyklamak üçin elimizden gelenini edýäris» diýip, ýagdaý barada maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň