Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan “Akguýy” AEB-niň birinji reaktorynyň gurluşygynyň tamamlanjak möhletini habar berdi

14:4018.09.2021
0
966

Türkiýedäki “Akguýy” atly ilkinji atom elektrik bekediniň gurluşygyny 2023-nji ýylyň maýyna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar, bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çykyşynda belledi.

“Russiýaly 3 müň we türkiýeli inženerleriň 10 müňüsiniň işleýän “Akguýy” atom elektrik bekediniň gurluşygy 2023-nji ýylyň maýynda tamamlanar. Bu biziň üçin möhüm wakadyr” diýip, türk döwlet Baştutany Mersin ülkesinde eden çykyşynda nygtady. Onuň çykyşyny Anadolu teleýaýlymy görkezdi.

“Akguýy” AEB-i özünde dört sany toplumy jemläp, rus inženerleriniň gatnaşmagynda gurulýar. Her bir toplumyň kuwwatlylygy 1200 Mbt-a deň bolar. Taslama atom energetikasy pudagynda build-own-operate — «gur-eýelik et-ulan” diýen ülňi boýunça gurulýar, onuň bahasy 20 milliard amerikan dolllaryna deň bolar.

Russiýa Federasiýasynyň “Rosatom” döwlet edarasynyň gatnaşmagynda Akguýy AEB-niň gurluşygy 2018-nji ýylyň aprelinde badalga aldy, 2023-nji ýyldan soňra onuň her ýyl bir bölegini gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň