Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda onlaýn breýn-ring geçirildi

16:1615.09.2021
0
7508
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda onlaýn breýn-ring geçirildi

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Türkmenistanda türkmen talyplarynyň arasynda onlaýn breýn-ring geçirdi. Intellektual ýaryşa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň toparlary gatnaşdylar.

Breýn-ringe Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Haýthart Hýofer-Wissing, Fransuz Respublikasynyň ilçisi hanym Izabel Ginel we Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri eminlik etdiler.

5 tapgyryň dowamynda talyplar Ýewropa Bileleşiginiň döredilişi, oňa agza döwletler, ykdysadyýet, adam hukuklary we gender deňligi baradaky soraglara jogap berdiler. Netijede Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň topary ikinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň