Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklary geçirildi

11:0008.09.2021
0
5943

Sişenbe güni Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi.

Katarda geçiriljek dünýä çempionaty üçin yklymyň iň güýçli 12 ýygyndysy iki toparça bölünip ýaryşýar.

«A» toparçada Eýranyň ýygyndysy ikinji ýeňşini gazandy. Geçen tapgyrda Siriýany 1:0 hasabynda ýeňen eýranly futbolçylar bu gezek 3:0 hasabynda Yragyň ýygyndysyndan üstün çykdylar. Häzir 6 utuk toplan Eýran toparçanyň başyny çekýär.

4 utukly Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Yrak bilen deňme-deň (0:0) oýnandan soň, ikinji duşuşygynda Liwany 1:0 hasabynda ýeňdi. 2 utukly BAE-niň ýygyndysy ikinji duşuşygynda Siriýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Siriýanyň, Liwanyň we Yragyň ýygyndylarynda iki duşuşykdan soňra 1 utuk bar.

«B» toparçada Ýaponiýa garaşylmadyk ýagdaýda Omandan 0:1 hasabynda ýeňlensoň, ikinji duşuşygynda Hytaýy 1:0 hasabynda ýeňdi.Doha şäherinde geçirilen duşuşygyň ýeke-täk pökgüsini 40-njy minutda Ýuýa Osako geçirdi.

Toparçanyň beýleki duşuşyklarynda Awstraliýa Wýetnamy 1:0, Saud Arabystany hem Omany 1:0 hasabynda ýeňdi. Yzda galan iki tapgyrdan soň Awstraliýa bilen Saud Arabystanynyň 6 utugy bar. Şeýle hem Ýaponiýa bilen Oman 3 utuk toplady. Hytaýyň ýygyndysynda bolsa heniz utuk ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň