Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlady

21:1807.09.2021
0
17895

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlandygy barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda kabul eden № 2300 Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Türkmenistanyň raýatlarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli möhleti tamamlanýan Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket edýän möhletini uzaltmak işine girişdi. Daşary ýurt pasportlarynyň hereket edýän möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylar.

Daşary ýurt pasportlaryna QR-kod we 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy barada bellik goýular.

Munuň üçin Türkmenistanyň raýatlary sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümine ýüz tutmaly.

Olaryň ýanynda:

  1. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň nusgasy boýunça arzasy;
  2. Nusga boýunça anketasy;
  3. Daşary ýurt pasportynyň birinji sahypasynyň nusgasy;
  4. JPG formatda USB-fleşkada we kagyza çykarylan görnüşde 4,5×5,5 santimetr ölçegdäki bir sany suraty;
  5. Daşary ýurt pasporty (özi)

bolmaly

Daşary ýurt pasportynyň hereket edýän möhleti mugt uzaldylar.

Türkmenistanyň Daşkentdäki Ilçihanasy Afrosiab şaýolunyň 19-njy jaýynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň