«Bossan concept» dükany täze bezeg güldanlarynyň satuwa gelendigini habar berýär

12:1304.09.2021
0
5239

Jaýlara özboluşly bir üýtgeşik görk berýän güldanlaryň bezeg aýratynlygyny hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Bossan concept» dükany dürli görnüşli bezeg güldanlarynyň satuwyna aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki wagtda dükana alyjylaryň gyzyklanmasyny oýandyrjak bu harytlaryň täze görnüşleri satuwa geldi.

Güldan – örän gowy serişde:

• otagda ýerleşdirilen dizaýn ideýasyna ünsi çekmek üçin;
• içerde monohrom görnüşli ýagty öwüşginleri döretmek üçin;
• baýramçylyk bezegi üçin;
• boş ýerleri doldurmak üçin.

«Bossan concept» dükany dürli ululykdaky, dizaýnly we reňkli güldanlary hödürleýär. Mysal üçin, özbaşdak bezeg serişdesi bolup durýan öý güldanlary giň otaglar, sekiler we howlular üçin örän amatlydyr. Güldanlar «Real Touch» ýaly örän owadan açyk reňkli gül çemenleri bilen has ajaýyp görüner.

Keramiki güldanlar mebel ýa-da otagyň umumy biçüwi bilen ajaýyp görnüşi emele getirip biler. Şeýle güldanlarda tebigy gülleri we emeli gül kompozisiýalaryny ýerleşdirip bilersiňiz.

«Bossan concept» dükanynyň hünärmenleri, daş-töweregiň dizaýnyna laýyk gelýän, özboluşly bir üýtgeşik görnüşe eýe bolan belli bir güldan saýlamaga kömek eder.

«Bossan concept» dükany bilen habaraşmak üçin:

  • Instagram hasaplary: @bossan_concept

@bossan_flora
@bossan_outdoor_tm
@bossan_coffee_garden

  • Telefon belgisi: 415554, 726060;
  • Salgysy: Mollanepesa köçesi 27, Dürdäneli söwda merkezi (15-nji tapgyr).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň