Soňky habarlar

Arhiw

Berlinde pandemiýanyň öňüni alyş merkezi açyldy

16:4202.09.2021
0
4412

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Berlinde pandemiýa we epidemiýa barada maglumat merkezini açdy. Bu barada "Associated Press" neşri habar berdi. Habarda täze merkeziň mümkin bolan täze pandemiýalara has gowy taýýarlanmaga kömek etjekdigi barada beýan edilýär.

BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreýesus: "Wiruslar çalt hereket edýär, ýöne maglumatlaryň mundan has çalt hereket etmekligi zerurdyr" -diýip belledi. Şeýle hem ol, COVID-19 pandemiýasynyň bütindünýä sebitinde birnäçe agyryly sapaklary öwredenligini, şonuň üçin hem pandemiýa öwrülip biljek epidemiýalar we epidemiýalar barada maglumatlary seljermek hem ýaýratmak üçin güýçli täze ulgamlaryň we gurallaryň zerurlygyny nygtady.

Berlinde täze açylan Pandemiýa we epidemiýa barada maglumatlar merkezi täze global pandemiýa ýüze çykan halatynda zerur kararlary kabul etmeklik üçin maglumatlary netijeli ýygnamaly, derňemeli we ýaýratmaly bolar.

"Associated Press" neşri Germaniýanyň bu merkeze başlangyç 100 million dollar maýa goýandygy barada hem habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň