Soňky habarlar

Arhiw

Bu telewizor diňe «Simpsonlary» görkezýär

15:3328.08.2021
0
4512

«Simpsonlar» multfilminiň janköýeri, diňe şu multfilmiň bölümlerini görkezýän kiçijik telewizor oýlap tapdy.

Bu oýlap tapyşyň artykmaçlygy onuň internete birikmesiz hem işläp bilýänligidir. Ony açmak we sesini sazlamak işlerini öň tarapyndaky düwmeleri bilen amala aşyrmaly.

Enjam 3D çap edijide taýýarlanyldy. Ondaky multfilmler 32 gigabaýtlyk ýady bolan diskde saklanylýar.

Telewizor USB kabeli arkaly işleýär. «Techcult.ru»-nyň habaryna görä, oýlap tapyjy, şeýle telewizory onlaýn gurnamak boýunça görkezmeleri çap etmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň