Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsar startapy «Google»-y gysmakçy

18:5327.08.2021
0
3845

Şweýsariýanyň «Typewise» startapy 100 göterim ygtybarly we ýazmak üçin dört esse az wagty talap edýän klawiatura programmasyny döretdi.

Işläp düzüjileriň wada berşi ýaly, bu programma bilen işlän wagtyňyz hiç bir maglumat buluda ýa-da internete geçirilmeýär.

Has uly altyburçly klawiatura we ýerleşişiň kömegi bilen ýazmagyň tizligi ozalkysyndan 33 göterim artar. Mundan başga-da, klawiatura ýalňyşlary düzetmek we indiki sözleri çaklamak üçin emeli intellekt tehnologiýasyny ulanýar.

Şeýle hem, programma 40-dan gowrak dürli dilleri tanaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň