«Fitch Ratings» reýting agentligini Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň ösüşine beren bahasy barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we “B + durnukly” derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär.
Türkmenistana berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder.