Soňky habarlar

Arhiw

«Samsung» daşky gurşawy goramak boýunça maksatnama alyp barýar

18:1813.08.2021
0
5325

«Samsung» kompaniýasy ähli «Galaxy» enjamlarynyň daşky gurşawa täsirini azaltmak boýunça taslama başlady. «Galaxy for Planet» programmasynyň bir bölegi hökmünde tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýyla çenli ýetilmeli möhüm maksatlary kesgitledi.

Aýdylan maksatlaryň arasynda täze ykjam enjamlary öndürmek üçin ikinji derejeli çig malyň ulanylmagyna geçmek we enjamlarynyň gaplanyşynda plastmassany ulanmakdan düýbünden ýüz öwürmek bar. «Samsung»-dan ýene bir gyzykly täzelik bolsa garaşma tertibinde energiýa sarp etmeýän zarýad berijileriň çykmagy bolar.

Şeýle hem, kompaniýa Braziliýadaky we Meksikadaky edaraarydyr zawodlaryny Hytaýda, ABŞ-da we Ýewropada şuňa meňzeş desgalaryň mysaly bilen diňe dikeldilýän energiýa çeşmelerinde işlemek üçin göçürmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň