Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň demirgazygynda suw joşgunlary emele geldi

16:0312.08.2021
0
2721
Türkiýäniň demirgazygynda suw joşgunlary emele geldi

Türkiýäniň demirgazygyndaky güýçli ýagyş birbada birnäçe welaýatda suw joşgunlaryna we süýşmelere öwrüldi.

«Gazeta.ru» neşiriniň «Daily Sabah»-a salgylanyp habar bermegine görä, Sinop, Bartin, Karabuk we Kastamonu welaýatlarynda uly suw joşgunlary emele geldi.

Suw joşmagy Bartin we Karabuk welaýatlaryny birleşdirýän ýolda köpriniň çökmegine sebäp boldy. Gözleg we halas ediş toparlary sil heläkçiliginden ejir çeken sebitlere ýerleşdirildi. Ýerli ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň