Mirziýoýew Berdimuhamedowy Özbegistana resmi sapar bilen çagyrdy

13:5012.08.2021
0
5710

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentiniň adynda hat ýollady. Hatda şeýle ýazylýar:

«Däp bolan mähirli myhmansöýerlik bilen göwnaçyk garşylandygyňyz hem-de ajaýyp Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň örän ýokary derejede guralandygy üçin Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna örän uly hoşallygymy bildirýärin.

Merkezi Aziýada durnuklylygy, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy we ylalaşygy pugtalandyrmakda Siziň işjeň tagallalaryňyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilendigini aýratyn nygtamak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň başlangyjyňyz boýunça geçirilen, maksatnamalara örän baý bolan nobatdaky konsultatiw duşuşyk örän netijeli boldy we onuň aýdyň netijeleriniň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň ähli halklarymyzyň düýpli bähbitlerine we umytlaryna laýyk gelýändigi gürrüňsizdir.

Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy — munuň özi sebitleýin gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna möhüm goşant bolan hakyky taryhy wakadyr. Ol sebitde ýola goýlan täze ýagdaýlaryň mizemez häsiýetini, döwlet Baştutanlarynyň pugta syýasy erkini hem-de özara ynanyşmagy we goldawy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny görkezdi.

Siziň başlangyjyňyz boýunça guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forumy, milli önümleriň sergisi, milli tagamlaryň festiwaly we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti biziň doganlyk halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny, däp-dessurlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem olaryň sebitiň gün tertibini hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan ymtylmalaryny doly derejede ýüze çykardy».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň