Soňky habarlar

Arhiw

"Şagadamyň" goragçysy Bagtyýar Hojaahmedow "Merwe" geçdi

14:2910.08.2021
0
2941
"Şagadamyň" goragçysy Bagtyýar Hojaahmedow "Merwe" geçdi

Mary şäheriniň “Merw” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňýany tejribeli goragçy Bagtyýar Hojaahmedowy düzümine geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

36 ýaşly bu goragçynyň 2011-2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda-da “Merw” toparynda çykyş edendigini bellemek gerek. B.Hojaahmedowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş etdi.

Mundan başga-da, “Merw” topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň “Merw” topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda 6-njy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň