Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň hünärmenleri: «Howanyň üýtgemegine adam sebäpkär»

13:0510.08.2021
0
5014

Howanyň üýtgemegi Ýer ýüzüniň ähli ýerlerinde duýulýar we bu hadysa barha güýçlenýär. Iň ýamany hem ýüze çykan käbir tendensiýalary eýýäm yzyna dolanyp bolmaýar. Bu barada Ženewada çap edilen Howa boýunça hökümetara toparynyň hasabatynda habar berildi.

Adamlaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi, eýýäm planetanyň ähli sebitlerinde aşa howply howa ýagdaýlaryna sebäp bolýar.

Alymlaryň pikiriçe, Ýeriň klimat ulgamy üýtgeýär. Bu üýtgeşmeler atmosferanyň, ummanlaryň, buz gatlaklarynyň we Ýeriň ýüzüne täsir edýär.

Bu özgerişlikleriň köpüsi öň görlüp-eşidilmedik zat, deňiz derejesiniň ýokarlanmagy ýaly käbir tendensiýalar ýakyn asyrlarda ýa-da müňýyllyklarda tersine bolmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň