Nýu-Ýork moda hepdeligine diňe waksina kabul edenler gatnaşyp biler

16:5005.08.2021
0
3909

Moda pudagynda iň köp garaşylýan dabaralaryň biri bolan Nýu-Ýork moda hepdeligi diňe koronowirusa garşy sanjym edilen myhmanlar üçin açykdyr.

«Buro247»-niň maglumatlaryna görä, Amerikan Moda Dizaýnerleri Geňeşi (CFDA) we IMG ýakyn wagtda geçiriljek Moda hepdeliginiň görkezişlerine koronawirus sanjymyny alan adamlar üçin açyk boljakdygyny eýýäm habar berdiler. Ýeke-täk kadadan çykmalar on alty ýaşyna ýetmedikler üçin bolar, olara COVID-19 üçin barlag tabşyrmak ýeterlikdir.

Nýu-Ýork moda hepdeligi 8 ― 12-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň