Aşgabatdaky «Dana» bilim merkezinde güýz möwsümi üçin okuwa kabul edişlik başlandy

18:2703.08.2021
0
21365

«Dana» bilim merkezi güýz möwsümi üçin diňleýjileri okuwa kabul edişligiň başlanandygyny habar berdi.

«Dana» bilim merkezinde şu aşakdaky dil kurslaryna ýazylyp bilersiňiz:

  • Iňlis dili;
  • Rus dili;
  • Ispan dili;
  • Hytaý dili;
  • Türkmen we nemes dili;
  • Fransuz dili.

Şeýle hem bu ýerde kompýuter we «Buhgalter hasabynyň esaslary» kurslary, TOEFL, IELTS, SAT ýaly halkara programmalary boýunça okuwlar bar.

Çagalar üçin matematika, iňlis we rus dillleri dersleri bar. 6 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalar kurslara ýazylyp bilinýär.

«Dana» bilim merkezi Moskwanyň Sinergiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek diňleýjiler öňdebaryjylygy ösdürmäge, köpçüligiň öňünde çykyş etmäge we telekeçilik işi bilen meşgullanmaga gönükdirilen «Ýetginjekler üçin işewürligiň esaslary» kursyna okuwa çagyrylýar.

Şeýle hem, bu bilim merkez aýratyn okuwlar üçin hyzmatlary hödürleýär. «Dana» bilim merkezi kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri üçin dilleri we maglumat tehnologiýalaryny öwretmek mümkinçiligine hem eýedir.

Häzirki wagtda ««Dana bilim merkezine täze diňleýjini getiriň we her biri üçin 200 manat alyň» atly täze aksiýa çäresi durmuşa geçirilip başlandy. Bu aksiýa çäresi diňe Aşgabatyň ýaşaýjylary niýetlenilendir.

«Dana» bilim merkezinde halkara diplomlary we şahadatnamalary bolan ýokary hünärli hünärmenler işleýär. Bu bilim merkeziniň mugallymlarynyň köpüsi daşary ýurtlarda tejribe işini tamamlady we dil bilimi boýunça baý tejribe toplady.

«Dana» bilim merkezi mugallymçylykda iň täze tehnologiýalary we interaktiw usullary ulanýar, dürli ýaryşlary we dynç alyş çärelerini geçirýär.

  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312927717, +99312927727.
  • Instagram sahypasy: @dana_educentre
  • imo: +99363756677.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň