Suesi petiklän gämi bu gezek Rotterdamda gyzyklanmalara eýe bolýar

12:3402.08.2021
0
4111

«Ever Given» gämisi dünýä metbugatynda ýene-de peýda boldy. Rotterdam portunda düşlän konteýner gämisi bu gezek gezelençler üçin açyldy. Ýöne diňe onuň töwereginde başga bir kiçi gämide ýüzüp, surata düşüp bolýar.

Dünýädäki iň uly konteýner gämisiniň ýakynyndaky bir ýarym sagatlyk gezelenjiň bahasy on bir ýewro. Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli gämä münmegiň mümkin däldigine garamazdan, gezelenç üçin ähli petekler hepdäniň ahyryna çenli satylýar diýip, «vesti.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň