Türkmenistanyň Prezidenti Awazada agtyklary bilen gämili gezelenç etdi

23:3031.07.2021
0
12759

Iýul aýynyň soňky gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

Ýüzüşiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, ajaýyp gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.

Türkmen Lideri agtyklarynyň çeper döredijilik bilen meşgullanýandyklaryna guwanýandygyny aýdyp, olara gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň berdi. Bu gürrüňleri uly höwes bilen diňleýän körpeler atalaryna özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Atasy agtyklarynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap berdi.

Bu gün watandaşlarymyzyň höwes bilen dynç alýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy abadanlaşdyrylan çäkleri hem-de kaşaň myhmanhanalary bilen myhmanlara giňden gujak açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň