Soňky habarlar

Arhiw

Sentýabr aýynda androidiň köne nusgalaryndaky «Google» hasaplary petiklener

14:1431.07.2021
0
8900

«Google» kompaniýasy «Android 2.3.7» (Gingerbread) we ondan öňki adroid ulgamlary bolan smartfonlaryň eýeleriniň ýakynda «Google» hasabyna girip bilmejekdigini habar berdi.

Kompaniýanyň metbugat kätibiniň aýdyşy ýaly, «ulanyjylaryň howpsuzlygy kompaniýada alnyp barylýan işleriň bir bölegi. «Google» mundan beýläk androidiň köne görnüşlerinde işleýän smartfonlaryň hasabyna girmegi petiklär». Bu petikleme 27-nji sentýabrda başlar.

Şeýlelikde, 27-nji sentýabrdan soň mobil enjamlaryňyzda «Google»-a degişli «Gmail», «YouTube» ýaly goşundylara girjek bolanyňyzda, hasap säwligi barada habarnamany alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň