Dünýäde iň uly ýakut daşy tapyldy

12:0830.07.2021
0
3082
Dünýäde iň uly ýakut daşy tapyldy
Surat: Lenta.ru

Şri-Lankada dünýäde iň uly ýyldyzly ýakut daşy tapyldy, onuň agramy 510 kilogramdan durýar. Bu barada “News 1st” teleýaýlymy ýurduň Gymmatbaha daşlar we ýuwelir bezegleri edarasynyň resmi maglumatyna esaslanyp, habar berdi.

Edaranyň başlygynyň sözlerine görä, tapynda 100 million dollardan hem gymmat baha kesildi. Edara bu gymmatly tapyndyny satyn almak barada daşary ýurtly müşderileriň gyzyklanma bildirýändigini hem habar berdi.

Seýrek duş gelýän ýyldyzly ýakut daşynyň ady onuň täsin optiki aýratynlygy bilen baglydyr, ýagny ýagtylyk düşende, daşyň ýüzünde ýyldyzyň şekiljikleri peýda bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň