Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy 2021-nji ýylyň 2-nji awgustyndan raýatlaryň daşary ýurt pasportynyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky arzalary kabul edip başlar. Bu barada ilçihananyň resmi web saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi dostlukly döwletdäki raýatlarymyzyň pasportlarynyň möhlerini uzaltmak işine girişýär. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda Türkmenistana gelmek we ondan gitmek baradaky rugsatnamalarynyň möhleti dolan watandaşlarymyz bu möhleti uzaldyp biler.
Daşary ýurt pasportlary 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldar.
Daşary ýurt pasportlaryna QR kody ýerleşdirilip, onuň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy barada barada bellik ediler.
Bu meselede Türkmenistanyň raýatlary ir sagat 8-den günortan 12-ä çenli Iilçhinanayň konsullyk bölümine ýüz tutmaly.
Konsullyk edarasy tarapyndan bu iş mugt amala aşyrylýar. Onuň salgysy: Moskwa şäheri, Malyý Afanasýew, 14/34, 1-nji bina.