Türkmenistan daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmagyň täze düzgünini tassyklady

00:2328.07.2021
0
69394

Türkmenistanda Daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmagyň Tertibi tassyklandy. Resminama hukuk maglumatlarynyň portalynda çap edildi.

Daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmagyň Tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky Kararyna laýyklykda işlenip düzüldi. Belläp geçsek, bu Kararyň esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan raýatlarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan daşary ýurt pasportlarynyň möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Pasportyň möhletiniň uzaldylandygy barada bellik etdirmek üçin wagtlaýyn ýa-da hemişelik daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurduň iň ýakyn diplomatik wekilhanasy bilen habarlaşmaly, erkin görnüşde arza ýazmaly we anketa doldurmaly.

Arzanyň ýanyna pasportyň asyl nusgasyny, onuň göçürmesini hem-de kagyz görnüşde we elektron göterijide öz suratyňy (3x4 ýa-da 4x5 sm) goşmaly. Arza elin gowşurylyp ýa-da poçta arkaly iberilip bilner.

Bellik möhüri, uzaldylandygy baradaky elektron maglumatlary öz içine alýan QR koduny özünde jemleýär, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullygynyň resmi wekiliniň goly hem-de gerbli möhüri bilen tassyklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň