Gülbadam Babamuradowa Tokio ― 2020-däki çykyşyny tamamlady

11:4525.07.2021
0
47518

Türkmenistanyň Tokio Olimpiýaasynyň dzýudo ýaryşlaryndaky ýeke-täk wekili Gülbadam Babamuradowa ilkinji tutluşygynda ysraýylly garşydaşy Gili Koýenden asgyn gelip, ýaryşy tamamlady. Biziň ildeşimiziň 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edendigini ýatladýarys.

Tutluşygyň depgininiň pesdigi sebäpli, eminler 2-nji minudyň başynda ysraýylly türgene «sido» yglan etdiler. 3 minut 49 sekunt dowam eden tutluşykda ysraýylly türgeniň arassa ýeňiş gazanandygy yglan edildi.

Mundan ozal G.Babamuradowa G.Koýen bilen 2019-njy ýylda Tbiliside geçirilen Gran-Pri ýaryşynda duşuşypdy. Şol tutluşyk hem ysraýylly türgeniň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Ysraýylly türgen hem ikinji aýlawda belgilaýly Şarlin wan Snikden ýeňlip, ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

Dzýudonyň bu agram derejesinde 29 türgen ýaryşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň