Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arzuw haly» dükany dürli görnüşli haly önümlerini hödürleýär

14:5719.07.2021
0
10676

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Arzuw haly» dükany alyjylara dürli görnüşli haly önümlerini hödürleýär. Ol 2008-nji ýyldan bäri haly kärhanalarynda öndürilýän türkmen, türk we eýran halylaryny alyjylara ýetirmek bilen meşgullanýar. Dükanda ýüň we ýüpek halylarynyň dürli gül salnan görnüşleri bar.

«Arzuw haly» tarapyndan hödürlenilýän ähli haly önümleri bilen G.Kulyýew köçesiniň ugrundaky «Beýik bina» söwda toplumynyň birinji gatynda ýerleşýän dükana baryp tanyşmak bolar. Bu ýerde myhman otagy, ýatylýan otag, çagalar üçin niýetlenilen otag hem-de aşhana üçin dürli görnüşli halylar, şol sanda halydan dokalan namazlyklar we bezeg önümleri hödürilenilýär.

Dükandan ýurdumyzyň «Abadan haly» kärhanasynda taýýarlanylan milli äheňdäki haly önümlerini, şeýle hem geometrik nagyşlar, dürli şekiller we gülli göller bilen bezelen döwrebap halylary satyn almak bolar.

Haly satyn alan müşderä ony öýüň ölçegine laýyk kesmek we gyrasyny bürjemek işleri mugt ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem «Arzuw haly» dükany öz harytlarynyň onlaýn söwdasyny ýola goýdy. Bu hyzmatdan @754108_arzuwhaly salgyly instagram hem-de +99362365566 belgidäki imo akkaundy arkaly peýdalanyp bilersiňiz. Mundan başga-da arzuwhalyashgabat@mail.ru poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. Satyn alnan harytlar Aşgabat şäherine hem-de welaýatlara mugt eltip berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň